ulalmak

ulalmak
işlik
1) Gabarasy, göwrümi artmak.
∙ Derek ulalypdyr we ösüpdir. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
2) Ösüp ýetişmek, kemala gelmek, ösmek.
∙ Iki aýlygyndan beýläk ene süýdüni emmän, biziň ýaslimizde ulaldy. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
3) Işçi güýji, iş funksiýasy we ş. m. artmak, giňelmek.
∙ Kolhoz näçe ulalsa, güýjimiz hem şonça artyk bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
4) Derejesi, wezipesi galmak.
5) Göçme manyda Ulumsy bolmak, gopbamsy bolmak.
∙ Indi bolsa biz ulalypdyrys, hawa, biz dogrudan hem ulumsy bolupdyrys. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужна курсовая?

Смотреть что такое "ulalmak" в других словарях:

  • ulalmak — (ulğaymak) azim olmak, pir olmak …   Çağatay Osmanlı Sözlük


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»